Перейти к содержимому

Biz barada

“Şir” hokkeý klubynyň
Taryhy

Şir” hokkeý klubynyň

Taryhy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Şir” hokkeý kluby 2013-nji ýylyň 4-nji martynda hereket edip başlady we şol wagt onyň düzüminde 12-13 ýaşdan ýokary bolan hokkeý oýunçylary çykyş edýärdi. Häzir olar ýetginjek hokkeýçilere öwrüldiler. Hokkeý oýnuna kämilleşmek boýunça ýurdumyzda ähli şertleriň döredilýändigi sebäpli Türkmenistanyň Söwda  we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Şir” hokkeý klubynyň oýunçylary tiz wagtda taplanyp, gysga wagtda Türkmenistanyň öňdebaryjy toparlarynyň birine öwrüldi.

“Şir” hokkeý kluby hormatly Prezidentimiziň 2012-nji ýylyň 10-njy fewralynda çykaran “Türkmenistanyň Prezidentiniň kubogyny almak ugrynda ýetginjekleriň  arasynda  hokkeý boýunça ýaryşy geçirmek hakynda” 12045 belgili karary esasynda, şeýle-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarynyň 2012-nji ýylyň 17-nji dekabrynda çykaran MH/02 belgili buýrugyna laýyklykda, Türkmenistanyň Söwda toplumyna degişli ministrlikleriň garamagynda döredildi.

Hokkeýçileriň ussatlygyny ýokarlandyrmak barada işleri netijeli guramak, olaryň sport ugrundan hemmetaraplaýyn ösmeginde we sagdyn durmuşy alyp barmakda, şeýle-de, ýurdumyzda we onyň çäginden daşynda geçirilýän ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmegini üpjün etmek klubyň  öňünde goýlan esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Işläp başlanyndan soň gysga wagtda yzygiderli  we güýçli depginde türgenleşik işlerine gatnaşmak bilen,  bu hokkeý klubynyň oýunçylary öz kämilliklerini artdyrdylar. “Şir” hokkeý klubynyň agzybir oýunçylary  yzygiderli tertipde we güýçli depginde gury ýerde, buzly meýdançada, sport zallarynda alnyp barylýan türgenleşik işlerine işjeň gatnaşmak bilen häzirki wagtda Türkmenistanyň  öňdebaryjy hokkeý klubynyň birini emele getirdiler.

“Şir” hokkeý klubynda hokkeý oýunçylary ilki 2 sany toparda, ýagny uly we ýetginjek ýaşly oýunçylaryň toparynda çykyş edýärdiler. Ýurdumyzda sporty ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän tagallalaryň netijesinde guralan ýaryşlara gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolan  “Şir” hokkeý klubynyň abraýy barha artýar. Şeýle hem klubyň oýunçylarynyň sany gün geldigiçe köpelýär we häzirki wagtda oýunçylar üç toparda, ýagny uly ýaşly, ýetginjek ýaşly, we kiçi ýaşly toparlarda çykyş edýärler.

“Şir” hokkeý kluby iki ýyla golaý wagtyň dowamynda (2013-nji ýylyň maýyndan häzirki wagta çenli) gatnaşýan ýaryşlarynyň hemmesinde ýokary netijeleri gazandy.

Türkmenistanyň Söwda  we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Şir” hokkeý kluby 2013-2014-nji ýyllaryň hokkeý möwsüminde Türkmenistanyň wise-çempiony boldy, 2014-nji ýylyň fewralynda Türkmenistanyň Prezidentiniň kubogyny almak ugrundaky ýetginjekleriň halkara ýaryşynda baş baýraga kuboga  mynasyp boldy.

2013-nji ýylyň maýynda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 68 ýyllygy mynasybetli guralan paýtagtymyzyň birinjiliginde we Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň edaralarynyň hünär baýramyna bagyşlanyp guralan ýaryşlaryň her birinde 2-nji orny eýeledi.

2014-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň sport baradaky Döwlet komitetiniň sport mekdebiniň hokkeý boýunça açyk ýaryşynda ýeňiji boldy.

2014-nji ýylyň aprel aýynyň 25-den 27-i aralygynda saglyk gününe bagyşlanyp geçirilen sportuň şaýbaly hokkeý görnüşi boýunça Aşgabat şäheriniň açyk birinjiligi ýaryşynda 2-nji orny eýeledi.

2014-nji ýylyň 25-30-i maýynda Türkmenistanyň Içeri işler edaralarynyň işgärleriniň güni mynasybetli sportuň “Şaýbaly hokkeý” görnüşi boýunça Içeri işler ministrliginiň kubogyny almak ugrunda geçirilen ýaryşda işjeň gatnaşyp 3-nji orny eýeledi.

2014-nji ýylyň 15-nji dekabryndan  2015-nji ýylyň  02-nji iýuny aralygynda erkek toparlaryň arasynda şaýbaly hokkeý boýunça Türkmenistanyň çempionatyna gatnaşyp, 2-nji orny eýeledi.

2015-nji ýylyň 21-27-ni maýynda  Türkmenistanyň Içeri işler edaralarynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen hokkeý boýunça içeri işler ministrliginiň kubogyny almak ugrynda açyk ýaryşynda hormatly 1-nji orny eýeledi.

2015-nji ýylyň 08-nji dekabryndan 2016-njy 28-nji aprel aralygynda erkek toparlaryň arasynda şaýbaly hokkeý boýunça Türkmenistanyň III çempionatyna gatnaşyp  2-nji orny eýeledi.

2016-njy ýylyň fewral aýynyň 12-den 17-si aralygynda “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyp geçirilen sportuň hokkeý görnüşi boýunça ýaryşynda 2-nji orny eýeledi.

2016-njy ýylyň mart aýynyň 24-den başlap aprel aýynyň 10-na çenli dowam eden Kiçi we ýetginjek toparlaryň arasynda şaýbaly hokkyý boýunça Türkmenistanyň 1-nji çempionatynda “Şir-I” topary hormatly 1-nji orny eýelediler.

2016-2017-nji ýallarda çagalaryň we ýetginjekler  toparlarynyň arasynda möwsümleýin geçirilen sportuň şaýbaly hokkeý görnüşi boýunça Aşgabat şäheriniň açyk birinjiliginde  2001-2004-nji ýyllarda doglan ýetginjek topary, 2005-2008 nji ýyllarda doglan hokkeý oýunçylary bolsa 1-nji orny eýelediler.

2017-nji ýylyň 03-09-nji ýanwary aralygynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň kubogyny almak ugrunda “şaýbaly hokkeý” boýunça açyk ýaryşynda “Şir” hokkeý klubynyň uly topary hormatly 2-nji orny eýelediler.

Çagalaryň we ýetginjek toparlarynyň arasynda Aşgabat şäherindäki möwsümleýin 2018-nji ýylynda şaýbaly hokkeý oýunlaryň açyk birinjiliginde 2002-2005-2006-2009-njy ýyllar arasynda

2002-2005-nji ýyllarda doglan Ýetginjekler topary 1-nji orny

2005-2009-njy ýyllarda doglan Çagalar topary hem 1-nji orny

2005-2009-njy ýyllarda doglan “Şir-II” Çagalar topary hem 3-nji orny eýelediler.

2017-2018 ýyl möwsüminiň hokkeý boýunça Türkmenistanyň V Çempionatynyň we Kubogyny almak ugrundaky ýaryşynda 3-nji orny eýelediler.

Türkmenistanyň Ulaglar we aragatnaşyklar toplumynyň “Alp-Arslan” hokkeý klubynyň kubogyny almak ugryndaky 2003-nji ýylda doglanlaryň we ondan kiçi ýaşdaky doglan oglanlaryň arasyndaky ýaryşda

“Şir-I” topary hormatly 1-nji orny

“Şir-II” topary 3-nji orny eýelediler

Aşgabat şäheriniň Sport mekdebiniň birinjiligini almak ugrundaky sportyň “şaýbaly hokkeý” görnüşi boýunça ýaryşynda 2-nji orny eýelediler.

2018-2019 ýyllar möwsüminde erkek toparlaryň arasynda Türkmenistanyň VI Çempionatynda baýrakly orunlarynyň biri bolan 2-nji orny eýelediler.

2019-njy ýyl möwsüm üçin şaýbaly hokkeý boýunça Türkmenistanyň birinjiligi almak boýunça ýaryşynda “Şir” hokkeý klubynyň 2005-2010-nji ýyllarda doglan “Şir” çagalar toparynyň ezber hokkeýçileri 1-nji orny eýelemegi başardylar.

2019-njy ýyl möwsüm üçin şaýbaly hokkeý boýunça Türkmenistanyň birinjiligi almak boýunça ýaryşynda “Şir” hokkeý klubynyň 2003-2004-nji ýyllarda doglan “Şir” ýetginjek toparynyň ezber hokkeýçileri 1-nji orny eýelemegi başardylar.

2019-njy ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 28 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanyp şaýbaly hokkeý boýunça çagalaryň we ýetginjek ýaşly toparlaryň  arasynda  geçirilen birinjiligi almak boýunça ýaryşa gatnaşyp, baýrakly 1-nji orna mynasyp bolandygyny, ýaryşyň Kubogyny, hormat hatyny we medaly bilen sylaglanandylar, hem-de geçirilen duşuşyklaryň iň ökde derwezebançysy, goragçysy, we hüjümçisi diýen ady ezber hokkeýçilermiz eýelemegi başarandylar.

2019-njy ýylyň 30-njy noýabry 10-njy dekabry aralygynda geçirilen

sportuň şaýbaly hokkeý görnüşi boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň kubogyny almak ugrundaky ýaryşynda 2-nji orny eýelemegi başardylar

2019-2020 ýyllar möwsüminde erkek toparlaryň arasynda Türkmenistanyň VII Çempionatynda baýrakly orunlarynyň biri bolan 2-nji orny eýelemegi başardylar.

2020-nji ýylyň 06-njy maýyndan 23-ne çenli aralygynda geçirilen 2006-2010-njy ýyllarda doglan türgenleriň arasynda şaýbaly hokkeý boýunça Sport mekdebiň açyk birinjiligini almak ugrundaky ýaryşynda 1-nji orna mynasyp bolandygyny, ýaryşyň Kubogyny, hormat hatyny we medaly bilen sylaglanandylar, hem-de geçirilen duşuşyklaryň iň ökde derwezebançysy, goragçysy, we iň köp hokkeý şaýbasyny derwezä geçiren diýen ady ezber hokkeýçilermiziň eýelemegi başarandylar.

2022-nji ýylyň 22-27-nji iýuny aralygynda geçirilen 2007-2010-njy ýyllarda doglan çagalar we ýetginjekler türgenleriň arasynda şaýbaly hokkeý boýunça Aşgabat şäheriniň birinjiligini almak ugrundaky ýaryşynda 1-nji orna mynasyp  bolandygyny, ýaryşyň Kubogyny, hormat hatyny we medaly bilen sylaglanandylar.

Taýýarlan: Baş tälimçi R.B.Myratgulyýew