Перейти к содержимому
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň garamagyndaky
Söwda toplumyna degişli bolan

“Şir” hokkeý kluby

“Şir” hokkeý kluby​nyň

Gysga maglumaty

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň garamagyndaky Söwda toplumyna degişli bolan “Şir” hokkeý kluby 2013-nji ýylyň 4-nji martynda hereket edip başlady we şol wagt onyň düzüminde 12-13 ýaşdan ýokary bolan hokkeý oýunçylary çykyş edýärdi. Häzir olar ýetginjek hokkeýçilere öwrüldiler. Hokkeý oýnuna kämilleşmek boýunça ýurdumyzda ähli şertleriň döredilýändigi sebäpli Türkmenistanyň Söwda  we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň  garamagyndaky Söwda toplumyna degişli bolan “Şir” hokkeý klubynyň oýunçylary tiz wagtda taplanyp, gysga wagtda Türkmenistanyň öňdebaryjy toparlarynyň birine öwrüldi.

“Şir” hokkeý kluby​nyň

Gazanan üstünligi

"Şir" Hokeý klubynyň

Toparlary

Ýetginjekler topary

Uly Esasy topary

Çagalar topary

“Şir” hokkeý kluby​nyň

Surat Galereýasy

Täzelikler

   Türkmenistanyň hokkeý boýunça ýygyndysy Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda ikinji orna mynasyp bolmagy başardy.
2025-nji ýylyň 21-27-nji apreli aralygynda sportuň hokkeý görnüşi boýunça geçirilen Dünýä çempionatynyň III diwizionyna  gatnaşan TS we DYAM-niň garamagyndaky Söwda toplumyna degişli bolan “Şir” hokkeý klubymyzyň at gazanan tälimçisi Weliýew Ilýasyň baştutanlygynda türgenleşýän sporty söýüji hokkeý oýunçylary Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde çykyş etmek bilen, kümüş kubogynyň eýesi boldular. Ýaryşa alty topar gatnaşdy: Türkmenistan, Bosniýa we Gersegowina, Günorta Afrika Respublikasy, Lýuksemburg, Gyrgyzystan we Türkiýe.
        Ýaryşyň dowamynda Gyrgyzystanyň ýygyndy topary Günorta Afrika Respublikasynyň toparyny ýeňdi (5:2), ýaryşyň meýdança eýeleri bolan türkiýe topary bolsa Lýuksemburgyň ýygyndysyndan üstün çykdylar (7:1).
        Türkmenistanyň ýygyndy topary hokkeý boýunça üçünji diwizionyň «A» toparynda geçirilýän Dünýä çempionatynyň soňky tapgyrynda Günorta Afrika Respublikasynyň ýygyndysyny owertaýmynda (goşmaça wagtda) üstün çykdy (6:5 OT). Stambuldaky duşuşygyň esasy wagty 5:5 hasaby bilen tamamlandy, owertaýmda Kerwen Baýlyýewiň garşydaşynyň derwezesine salan şaýbasy türkmen toparyna ýeňiş getirdi.       
        Türkmenistanyň ýygyndysy şu çempionatda ýeňişe bolan mümkinçiligini ýitiren hem bolsa, ýaryşyň soňky duşuşygynyň netijesi öz ähmiýetiniň bardygyny ýüze çykardy. Günorta Afrika Respublikasyna garşysyna görkezen üstünlikli oýnunyň netijesinde at gazanan tälimçi Ilýas Weliýewiň baştutanlyk edýän topary ýaryş tertibinde ikinji orny eýeledi. 

 

        Gyrgyzystandan gelen hokkeý oýunçylaryň görkezen başarnyklarynyň we üstünlikleriniň netijesi bolsa, biziň ýygyndy toparymyzyň (1:8) bu ýaryşda ýeke-täk ýeňlişe sezewar bolmagyna alyp bardy. Bu ýeňliş Türkmenistana ýaryşda ýeňiji bolmaga we ikinji diwiziona geçmäge päsgel berdi, netijede Gyrgyzystanyň toparyna şu çempionatda birinji orna mynasyp bolmaklyk başartdy.

2025-nji ýylyň 28-nji fewraly – 6-njy marty aralygynda geçirilen hokkeý boýunça 18 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Taýland patyşalygynyň Bangkok şäherinde Dünýä çempionatynyň III diwiziony geçirildi. Türkmenistanyň ýygyndy toparynda çykyş edýän hokkeý oýunçylary Taýland, Bosniýa, Özbegistan we GFR ýygyndylary bilen duşuşyp, bürünç medallaryna eýe boldylar.

Şeýle-deŞir” hokkeý klubymyzdan hem Ýollyýew Serdarmyrat, Rejepow Nuraly, Amanmedow Aýmyrat, Seýitliýew Yhlas  goragçy hökmünde — Kakaýew Meretgeldi, Annamyradow Aga, Batyrow Daýanç, Mammedow Hezretaly hüjümçi hökmünde Mowsesýan Armen, Jepbarow Oraz derwezebançy hökmünde Klubymyzyň türgençisi bolan Ataýew Maksat hem Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň tälimçisi hökmünde çykyş etdiler.

 2025-nji ýylyň 7-14-nji fewralynda Hytaý halk respublikasynyň Harbin şäherinde  geçirilen IX gyşky Aziýa oýunlaryna Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde “Şir” hokkeý klubymyzyň hokkeý oýunçylary Esenow Öwezguly, Taňňyýew Gurbanmyrat, Muhyýew Allan we ýygyndynyň baş tälimçisi klubymyzyň türgençisi Weliýew Ilýas şeýle-hem ýygyndynyň lukmany toparymyzyň owkalaýjysy Wazgen Beklarýan dagy gatnaşdylar.

Türkmenistanyň ýygyndysy «C» toparyna düşüp, ol ýerde biziň ýygyndy toparymyz Hindistanyň, Gonkongyň we Makaoanyň ýygyndylary bilen duşuşyp, oýunyň birinji tapgyrynda Hytaýyň Makao atly toparyny  26:0 uly hasap bilen ýeňmegi başardy. Ýygyndynyň «C» toparynyň ikinji tapgyrynda bolsa, Hindistany 19:1 hasaby bilen garşydaş toparyň derwezesine şaýba geçirmegi başardylar.

Paýtagtymyzdaky “Gyşky oýunlar” sport toplumynda biziň türgenlerimize we raýatlarymyza hyzmat etmäge giň mümkinçilikler döredilendir.

Klubymyzyň sporty söýüji hokkeý oýunçylary we tälimçileri “Gyşky oýunlar” sport toplumynyň 30x60m we 26x56m göwrümli buzly arenasynda okuw-türgenleşiklerini geçirýärler.

 Mundan başga-da klubymyzyň administratiw işgärleri üçin niýetlenen administrasiýa otaglary, iş otaglary, lukmanlarymyz üçin ilkinji lukmançylyk kömegi beriş otaglary, türgenlerimiz üçin hem eşik çalşyrylýan otaglaryndan peýdalanmaga uly mümkinçilikleri bardyr. 

 

2024-nji ýylyň 19-njy noýabryndan – 05-nji dekabr aýyna çenli halkara “Bitaraplyk ” gününe mynasybetli sportyň şaýbaly görnüşi boýunça Çagalaryň we Ýetginjekleriň arasynda geçirilen Sport mekdebiň Açyk birinjiligini almak ugrundaky 2010-2014nji ýyllarda doglan türgenleriň arasyndaky ýaryşa “Şir” hokkeý klubymyzyň hokkeý oýunçylary hem gatnaşyp, 2-nji oruna mynasyp boldylar.Ýaryşyň dowamynda esasan hem 74 belgili oýunçymyz Saparmyradow Kerimberdi öňe saýlanyp garşydaş toparyň derwezesine birnäçe şaýbany geçirmegi başardy. Şeýle hem toparyň kapitany Annamyradow Muhammet we Jumaýew Spartak oýunuň dowamynda özlerini görkezmegi başardylar. Ýaryşyň emin agzalary bolsa klubymyzyň derwezebany Rejepow Resuly toparlaryň arasynda iň gowy derwezebany diyip at berdiler.

Türkmenistanly ýetginjekler ýaryşdaky ilkinji duşuşygynda Özbegistanyň ýygyndysyndan 0:5 hasabynda utulan hem bolsa, soň dört duşuşykda Taýlandy 4:3, Birleşen Arap Emirliklerini 7:2, Mongoliýany 6:4, Eýrany 14:1 hasap bilen ýeňdi. Bäş duşuşykda dört ýeňiş gazanan türkmen hokkeýçileri bu duşuşykda garşydaş derwezä 31 şaýba geçirmegi başardylar.
Arhipow Matweý bilen Muhyýew Allan bäş duşuşykda 6 gezek tapawutlanyp, iň netijeli oýunçylaryň ilkinji bäşligine girmegi hem guwandyryjy ýagdaýdyr. Şeýle hem Matweý Arhipow 7 assist bilen ilkinji dörtlüge girmegi başardy.

Şeýlelikde, ýetginjekler ýygyndysy Aziýanyň we Okeaniýanyň bilelikdäki çempionatynda ajaýyp üstünlik gazandy. Türkmen topary jemi ýaryşa gatnaşan 6 toparyň dördüsinden öňe saýlanyp, kümüş medal gazanmagy başardy.

   2023-nji ýylyň 13-19-njy ýanwary aralygynda geçirilen, Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndysy Yslam döwletleriniň we Tatarystan Respublikasynyň milli ýygyndylarynyň arasynda geçirilýän Kazan Hockey Cup I halkara ýaryşyndaky çykyşyny tamamlady.

   Bilşimiz ýaly “Şir” hokkeý klubymyzdan hem I derejeli hokkeý oýunçymyz Öwezguly Esenow hüjümçi bolup, klubyň Topar başlygy, baş tälimçiniň kömekçisi Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň tälimçisi Ylýas Weliýew tälimçi hökmünde gatnaşdylar.

   Şeýlelikde, Türkmenistanyň ýygyndysy üçünji orny eýeledi.

  Tatarystanyň paýtagtynda geçirilýän halkara ýaryşa bolsa 13 döwletden 300-den gowrak hokkeýçiniň gatnaşýandygyny ýatladýarys. 

“ŞIR” HOKKEÝ KLUBYNYŇ

TÜRGENLEŞIK REJESI