Klubyň taryhy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň garamagyndaky Söwda toplumyna degişli bolan “Şir” hokkeý kluby 2013-nji ýylyň 4-nji martynda döredildi.

Ilkibaşda toparyň düzüminde 12-13 ýaşdan ýokary bolan hokkeý oýunçylary çykyş edýärdi. Wagt geçmegi bilen olaryň hemmesi ökde ýetginjek we hünärmen hokkeýçilere öwrüldiler.

Hokkeý sporty boýunça ýurdumyzda döredilýän ähli döwrebap şertler we ýokary goldaw netijesinde “Şir” hokkeý kluby gysga wagtda Türkmenistanyň iň öňdebaryjy hem-de ýeňiş gazanýan toparlarynyň biri hökmünde tanaldy.

About Shir